Çem­pio­na­ta öýün­de to­ma­şa et­jek ýyl­dyz­lar

14 Iýun 2024
295

Mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky her hal­ka­ra ýa­ryş­da bol­şy ýa­ly, şu sa­par hem fut­bol jan­kö­ýer­le­ri dür­li se­bäp­le­re gö­rä, kä­bir ýyl­dyz oýun­çy­la­ryň oýun­la­ry­na Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da to­ma­şa edip bil­mez­ler. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir ýyl­dyz oýun­çy­lar EURO 2024-e öý­le­rin­de ýa-da dynç al­ýan ýer­le­rin­de to­ma­şa eder­ler. Olar he­mi­şe­ki­ler ýa­ly 3 to­pa­ra bö­lün­ýär.

Mil­li ýy­gyn­dy­sy gat­naş­ma­ýan­lar. Saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip, 24 ýy­gyn­dy­nyň ara­sy­na go­şu­lyp bil­me­dik to­par­la­ryň ýyl­dyz­la­ry bu sa­na­wa gir­ýär. Nor­we­gi­ýa­dan Er­ling Ho­lann, Mar­ti­ne Ede­gor, Alek­san­der Sör­lot, Şwe­si­ýa­dan Alek­san­der Isak, Wik­tor Dýo­ke­reş, De­ýan Ku­lu­şews­ki, Wik­tor Lin­de­löf, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­dan Edin Je­ko bu sa­na­wyň esa­sy ýyl­dyz­la­ry­dyr. Yk­lym­la­ýyn ýa­ryş bo­la­ny üçin bu sa­naw o di­ýen uzyn däl.