Luk­man­çy­lyk klas­te­ri «akyl­ly» şä­he­riň se­na­gat müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýar

13 Iýun 2024
317

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Tä­ze şä­he­riň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ne de­giş­li önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş en­jam­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, ola­ry taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow ha­sa­bat ber­di. Gör­ke­zi­len şe­kil tas­la­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, ýo­ka­ry eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän pa­myk­lar, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň­den ula­nyl­ýan do­kal­ma­dyk ma­ta­dan taý­ýar­la­nan bir ge­zek­lik agyz-bu­run ör­tük­le­ri, baş­gap­lar, ha­lat­lar, ýor­gan-dü­şek daş­lyk­la­ry, aýak­gap ör­tük­le­ri, has­sa­ha­na­lar üçin ze­rur bo­lan dür­li en­jam­la­ryň gör­nüş­le­ri bar.