Ýaşlar ylma höweslendirilýär

13 Iýun 2024
262

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Biz ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýäris.

Etrap häkimliginde, oba medeniýet öýlerinde jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleriniň, bilim işgärleriniň we ak sakgally ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň işjeň gatnaşmaklarynda yzygiderli guralýan öwüt-ündew çärelerine ýaşlar uly höwes bildirýärler. Duşuşyklaryň barşynda ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdygy barada giňişleýin söhbet edilýär. Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimize we alym Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdylýar.

Sahypnazar HAÝYDOW,
Çärjew etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.