Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze mümkinçilikleri

12 Iýun 2024
349

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn uly üns berýär. Şunda Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar hem giň gerimde ösdürilýär. Munuň şeýledigini Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 10-11-nji iýunda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem aýdyň tassyklaýar.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz doganlyk ýurt bilen gatnaşyklaryň barha giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlarynyň birnäçesi barada aýratyn durup geçdi. Gepleşikleriň dowamynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagy, Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramakda goldaw bermegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, parahatçylyk we ynanyşmak mowzuklary boýunça Baş Assambleýanyň Aziýa toparynda geňeşmeleri başlamagy, «Koreýa — Ýüpek ýoly» hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň giňeldilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Dostlukly döwletiň Baştutany öňe sürlen teklipleri goldap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

«Daşoguz habarlary».