Ykdysady ösüş — rowaçlyga badalga

12 Iýun 2024
340

Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylýan döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşine uly orun berilýär. Durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri.