Giň dünýäniň geň habarlary

12 Iýun 2024
262

Polatdan hem berk

Russiýanyň «MISiS» Milli tehniki gözlegler institutynyň alymlary alýuminiň esasynda polatdan berk, emma ýeňil hem-de çeýe täze kompozit materialy döretmegiň hötdesinden geldiler. Onuň ýene bir aýratynlygy 500 dereje gyzgynlykda-da mehaniki durkuny ýitirmeýänligindedir. Täze çig maly maşyngurluşyk senagatynda we howa gämileriniň önümçiliginde peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.