Şöhratymyz-şanymyz, dillerde dessanymyz

12 Iýun 2024
292

Merjen paýtagtymyzy synlanyňda, göwnüň göterilýär. Ak mermere we al-elwan güllere beslenen Aşgabat şäheri dünýäniň gursagynda täsin bir öwüşginli ak nur bolup lowurdaýar. Belentden seredeniňde, owadan binalaryň toplumy Aşgabadyň täsin binagärlik keşbini aýyl-saýyl görkezýär. Paýtagtymyzyň çar künji özgerişiň we täzelenişiň nurly ýalkymy bilen öwşün atýar. Tylla gupbaly köşkleri, belent ýaşaýyş jaýlary, kaşaň desgalary, biri-birinden owadan suw çüwdürimler toplumlary, ajaýyp seýilgähleri, şaýollary, ýaşyl baglary, al-elwan gülleri göreniňde, göwnüň galkynýar.

Hawa, daş-töweregimizdäki özgerişleri gözümiz bilen görüp, olara buýsanýarys. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligini wasp etmezlik asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurulýan ak mermere beslenen her bir bina özüniň binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjekleri, şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabat toplumlaýyn gurluşyklar meýdanyna öwrüldi.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.