Täzeçilligiň we sport äleminiň şäheri

12 Iýun 2024
123

Merjen paýtagtymyzyň her ädiminde, her tutumynda müň bir täzeçillik bar. Ýakynda ak şäherimiz «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen täze derejäniň eýesi boldy.

Bu dereje merjen paýtagtymyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan berildi. Mälim bolşy ýaly, geçen aýda bu guramanyň Hökümet Geňeşiniň nobatdaky mejlisi paýtagtymyzda geçirildi. Möhüm çözgütlere baý bolan şol mejlisde hem Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.