Bagtyýar çagalaryň nurana durmuşy

12 Iýun 2024
327

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan merdana Watan goragçylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň maşgalalary aýratyn alada bilen gurşalýar. Olaryň çagalarynyň döwrebap bilim almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, geljekde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterjek şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin köp sanly ähmiýetli işler ýola goýuldy. Bu işleri amal etmekde çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi körpeje myhmanlaryny her ýylda gujak açyp garşy alýar. Merkezde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly hem-de netijeli geçirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde hereket edýän gurnaklar, sport meýdançalary, kitaphana we beýlekiler dynç almaga gelen çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär.

«Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwletli tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Esasan hem çagalary watançylyk ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna söýgi döretmek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Bu ýerde hereket edýän kitaphana, kompýuter otagy we gurnaklar çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde we terbiýelemekde örän wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen dürli kitaplardyr çeper eserler olaryň akyl taýdan işjeňligini artdyrýar, zehinini taplaýar, pikirleniş ukybyny ösdürýär. Merkezde dynç alýan çagalar kompýuter otagynda bellenen wagtlarda terbiýeçi mugallymlaryň gözegçiliginde dürli zehin oýunlaryny oýnaýarlar, elektron kitaplary okaýarlar we özlerine gerekli bolan maglumatlary toplaýarlar. Umuman, bagtyýar nesiller berkarar Watanymyzyň beýik geljegidir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, häzirki zaman bilimlerinden habarly bolmaklaryny, döwrebap tehnologiýalara we tilsimatlara erk edip bilmeklerini gazanmak üçin aladalar edilýär.

Batyr BAÝRAMDURDYÝEW,
uly leýtenant.