Ýarym ýylyň jemi

12 Iýun 2024
265

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde 2024-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça okuw möwsüminiň jemini jemlemek çäreleri gyzgalaňly dowam edýär. Dürli ugurlar boýunça kabul edilýän synaglaryň netijesinde, harby gullukçylaryň ýarym ýylyň dowamynda geçilen okuwlary talabalaýyk özleşdirendiklerini görmek bolýar. Söweşjeň, syýasy-ynsanperwerlik hem beden taýýarlygyndan kabul edilýän synaglarda harby gullukçylaryň ýokary netijeleri görkezmekleri Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde gulluk-söweşjeň işleriniň göwnejaý ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Arslan HOJAMYRADOW,
podpolkownik.

Orazsoltan GULOWA,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.