Sport äleminde şöhratly şäher

12 Iýun 2024
134

«Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagtynyň halkara abraýy täze belentliklere göterilýär. Aşgabadyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolmagy hem aýratyn buýsandyryjydyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Paýtagtymyz indi ençeme ýyl bäri sportda ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini dünýä aýan edip gelýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlary we beýleki iri sport ýaryşlary gözel paýtagtymyzda nusgalyk derejede geçirildi. Şol esasdan, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi döwrümiziň ajaýyp hakykatynyň dabaralanmasy boldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýakynda Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmeginiň paýtagtymyzyň şöhratyna şöhrat goşandygyny nygtamagam aýratyn ýakymlydyr.

Gulmyrad Baýjaýew,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.