Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

12 Iýun 2024
102

Mukaddes borç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny hem-de daşky gurşawy goramak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli hem-de global möçberlerde etraplaryň, şäherleriň we obalaryň töwereginde gök guşaklar döredilip, bagy-bossanlyga öwrülýär.