Sport. Sport. Sport.

12 Iýun 2024
117

Ýaş türgeniň ýeňişli gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işlere badalga berilýär. Gözel Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen we berilýän döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Olara dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzünde parlatmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda tälimçiler hem yhlasly zähmet çekýärler. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän türgenleriň sany barha artýar.