Köňül tämizliginiň baýramy

10 Iýun 2024
232

Gurban baýramy — halkymyzy bir saçagyň, bir ojagyň, päk niýetiň başynda jemleýän baýram. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär.

Gurban baýramynyň başy tämizlikden başlanýar. Gün dogmanka turup, «Gurban şora men şora, batyr kelläňi nura» diýip, gurbanşor edilýär. Baýramçylykda täze egin-eşikler geýlip, özüňe, öý-içeriňe serenjam berilýär. Gadym döwürlerde her maşgala agzasy üçin birlaý täze lybas tikinmäge, gurby çatmadyk öýlerde egin-eşigiň bagjyk, iňňebagjyk, gülýaka, tahýa, ýaglyk ýaly, birlän-ikilän görnüşini täzeläp, beýlekilerini tämizläp geýmek hem göwne makul hasaplanypdyr. Şeýle-de bu baýramda uly-kiçi hemme hiňňildik uçmagy sogap hasaplaýar. «Hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülýärmiş» diýen yryma ynanyp, üç günüň dowamynda hiňňildik uçýarlar. Gurban baýramy adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy we päkligi ündeýän gadymy baýramdyr.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».