Tebigat biziň öýümiz

10 Iýun 2024
75

Ýakynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň (TAP) Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «Tebigat biziň öýümiz» atly maslahat geçirildi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň, Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, kitaphanaçylar we Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda «Altyn asyr» Türkmen kölünde, Daşoguz welaýatynyň çägindäki Bötendag belentliginde ekilen ençeme müň gektar sazak tokaýlygy, her ýylyň ýazky, güýzki bag ekmek dabaralary, Hazaryň biodürlüligini goramakda, bu mekany dynç alyş merkezine öwürmekde amala aşyrylan netijeli işler hakynda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Maksat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.