Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

9 Iýun 2024
96

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy.

Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir.

Baýram NURGALIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.