SÄHRA, BAÝYRDYR ÝAÝLASY

9 Iýun 2024
77

Musa pygamberiň maly hasaplanylýan goýun janawar: «Ýaýlam giň, çopanym galjaň, taýagam taldan bolsun!» diýip aýdanmyş. Gözüňe söweýin, türkmen ýurdunyň sährasam, gumy-çölem, baýyrdyr gyram giden bir ýaýla. Özem hersi bir-birinden üýtgeşik.

Ynha, aňyrsy gazak sähralaryna sepleşip gidýän Üstýurt taraplara barsaň, ýaýla irimçik çägeli, gyrçagyllaç. Onsoň göwnüňe bu sährada ot-çöp gyt bolaýjak ýaly, ýöne bahary Ahal, Mary töwereklerinden bir aýgijräk gelse-de, apreliň ortalarynda gyr üstüniň kyrk dürli ot-çöpi parç bolup oturandyr. Gyrlaç bolansoň, gögerýän giýä-çöp hem iribaldak. Şorumtyk otdan doýan düýäniň çaly zor, içseň seriňi sämediberýär. Goýun-geçisi hem çäge-çölde gezýänden üýtgeşik, bu ýaýlada mala sakyrtga degjek gümany ýok. Mundan tas bir asyr ozal gazylan guýularynyň suwam şorumtyk. Çopan-çolugyny gürletseň: «Tekiz ýerde, gum depeleriniň arasynda bakylýan dowar sürüsi sakyrtgalasa, gyr üstündäki guýynyň suwundan bir ganýar welin, sakyrtgasy döküläýýär» diýýärler.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.