Wagyz-nesihat duşuşygy

10 Iýun 2024
249

Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy

Golaýda şeýle at bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy mynasybetli etrap medeniýet öýüniň ýygnaklar zalynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar.