Ekologik abadançylygy üpjün etmäge bagyşlanan kitap

7 Iýun 2024
307

Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir. Şu jähetden, 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bütin halkymyzy buýsandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine kitabyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli Gutlagyny iberdi. Onda nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir.

«Nesil».