Tomsuň çogly günlerinde...

7 Iýun 2024
353

Gün — ýagtylygyň we ýaşaýşyň çeşmesi. Ol ähli janly-jandarlara: adama, ösümliklerdir haýwanlara zerur gerekdir. Habarçymyz Gün şöhlesiniň bedene peýdasy, zyýany barada gürrüň bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti Orazbagt Nurullaýewadan haýyş etdi.

Gün şöhlesiniň peýdasy-da, zyýany-da bardyr. Her bir adam onuň peýdaly täsirini duýup, zyýanly täsirinden goranyp bilýändir. Günüň peýdaly täsiri üçin her gün belli bir wagtda we dowamlylykda goraýjy serişdeleri (äýnek, krem, saýawan) ulanmazdan açyk Günüň aşagynda (8-den 10-a çenli, öylän sagat 17-den 19-a çenli) bolmaly. «Tebigy goraýjylyk derejesi» diýlip atlandyrylýan goraglylygy üpjün etmek üçin gerek bolan wagt her bir adamyň derisiniň reňkine baglylykda 5-40 minuta barabardyr. Şol wagtyň dowamynda deriniň pigment öýjükleri Gün şöhlesiniň täsiri bilen goraýjy serişdeleri — derä reňk berýän melanini güýçli depginde işläp çykaryp başlaýar. Melaniniň öýjükleri ýylylyk şöhlelerini kabul edip, ultramelewşe şöhlesiniň täsirini zyýansyzlandyrýar. Deriniň çuň gatlaklaryndaky melanin üstki gatlaklara çykyp, deriniň üstüne endigan ýaýraýar. Beden Güne çalaja garalyp, owadan öwüşgine, şol bir wagtda Gün ýanygyndan we Gün urmadan goraglylyga eýe bolýar.