Ruhy çeşmä öwrülen şahyrana dünýä

6 Iýun 2024
773

Her alymyň baş maksady, ylmy ýörelgesi, saýlap alan temasy bolýar. Ol öňünde goýan şol maksadyna ýetmäge çalyşýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow hem alymlara mahsus edebiýaty öwreniş ylmynyň çylşyrymly, şol bir wagtda jedel döredýän ägirt uly meselelerini ylmy taýdan barlamagy özüniň baş maksady edip goýýar. Irginsiz ylmy gözlegleriň netijesinde, alym türkmen edebiýatynyň nazaryýetine, taryhyna, şu gününe degişli möhüm meseleleriň onlarçasyny çözýar. Biz halypa alym Muhammetguly Amansähedowy nusgawy edebiýaty, edebiýatyň nazaryýetini ilik-düwme bilýän alym hökmünde tanaýarys. Ol edebiýatyň nazaryýetiniň milli aýratynlyklaryny, kemala geliş, ösüş ýollaryny halypalary Aman Kekilowyň, Öde Abdyllaýewiň, Rahman Rejepowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň edebi taglymatynyň esasynda täzeçe işlemegi we türkmen edebiýatynyň milli nazary esaslaryny döretmegi başardy. Ýönekeýlikden çylşyrymlylyga, giňlikden çuňluga gitmek Muhammetguly Amansähedowyň iş usuly. Ol haýsydyr bir möhüm meseläni ylmy taýdan barlajak bolsa, edebiýatyň kerwenbaşylaryna ýüzlenýär we meseläniň milli aýratynlyklaryny ylmy taýdan ykrar edýär. Alym ylmy gözlegleriniň başyny häzirki zaman temasyndaky türkmen romanlarynda gahrymanyň durmuşy işjeňligi meselesine bagyşlaýar. Alym temasy bilen baglanyşykly daşary ýurt edebiýatlaryny, ylmy barlaglary öwrenýär we meselä milli, şol wagtda-da umumy gymmatlyk hökmünde baha berýär.

Aslynda, «şahyryň şahyrana şahsyýeti» adalgasyny ylma Muhammetguly Amansähedow getirdi. Alymyň bu adalga beren düşündirişi ýaly düşündiriş, diňe bir türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda däl, eýsem, tutuş edebiýaty öwreniş ylmynda, edebiýat ensiklopediýalarynda-da gabat gelmeýär. Alym liriki gahryman düşünjesine täzeçe kesgitleme berýär. Şahyrana şahsyýet adalgasy bilen birlikde, terjimehal gahryman, roldaky gahryman, liriki portret, awtoportret ýaly adalgalary hem ylma getiren alym, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini şu jähetden hem derňeýär. Bu bolsa, Magtymgulynyň döredijiligine täzeçe hem özboluşly çemeleşmekdir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagta çenli, köplenç, tematiki derňew rowaç bolan bolsa, şygyrlaryň derňewiniň obrazyň — keşbiň üsti bilen derňelýär diýildigidir. Bu şeýle-de bolmalydyr. Munuň şeýledigini alym kemsiz subut edýär. Alymyň döreden bu usuly eýýäm ylmy dünýäde ýaýrawyny giňeldýär.

Amanmyrat BAÝMYRADOW,
filologiýa ylymlarynyň doktory.