Şany dünýä dolan gala

5 Iýun 2024
233

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly taryhy-medeni ojaklar halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý geçmişini, milli mirasyny bütin dünýä aýan edýär. Berkarar döwletimizde bu gadymy ojaklary öwrenmek, olarda arheologik barlaglary geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler şanly taryhymyzyň üstüni gymmatly we baý maglumatlar bilen doldurýar.

Soňky ýyllarda dünýä alymlarynyň, arheologlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolýan taryhy ojaklaryň biri-de welaýat merkezimiz Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän Amul galasydyr. Orta asyrlar döwrüne degişli bolan bu gadymy gala Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan söwda kerwenleriniň geçmeginde aýratyn orny eýeläpdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu ýerde senetçiligiň, daýhançylygyň ösendigi dogrusynda gyzykly taryhy maglumatlar, rowaýatlar beýan edilýär. Dürli ýyllarda dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, etnograflarynyň ençemesi gadymy Amul galasynda bolup, bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Ylmy barlaglaryň netijesinde galanyň we onuň ýerleşýän ýeri bolan Amul şäheriniň geçmiş-taryhy bilen baglanyşykly birnäçe tapyndylar tapylyp, gyzykly maglumatlar öwrenildi. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan toýun we keramiki küýze gaplary, diwar bölekleri, kerpiçler, çüýşe önümleri, kümüş we mis teňňeler Amulyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmekde baý çeşme bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyndan söz açýan bu gymmatly tapyndylar welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda ýerleşdirilip, sergileriň üsti bilen halk köpçüligine görkezilýär.

Allanur HAÝYDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.