Täsin ukybyň eýeleri

5 Iýun 2024
131

Bu ýerde gürrüň uzynganatlylar hakda barýar. Alymlar olaryň on aýlap ýere gonman uçup bilýändiklerini anykladylar. Munuň üçin bu guşlaryň birnäçesine ýörite enjamlar oturdyldy.

Uzynganatlylaryň agramy 10-dan 200 grama, göwreleriniň uzynlygy bolsa 18 santimetre çenli bolýar. Bu guşlaryň ähli görnüşi biri-birine meňzeş bolup, olaryň dykyz we süýnmek göwreleri howanyň akymynyň garşylygyny aňsatlyk bilen ýeňip geçýärler. Olaryň ganatlary gylyç şekilli, çüňkleri bolsa ýasy bolýar. Bu guşlar dünýäniň köp ýerinde duşýarlar.

Selbi GURBANGYLYJOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.