Buýsançly döwrümiz bar

5 Iýun 2024
306

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bilen ýazyljak şanly wakalara baýdyr. Her bir günümiziň ykbal özgerdiji ösüşlerdir özgertmelere, ajaýyp üstünliklere beslenmegi hem şeýle diýmäge esas berýär.

Ýurdumyzyň ösüşleri ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterip, päk we döredijilikli zähmete höwesini artdyrýar. Şeýle bolansoň, Watanymyzyň ähli ugurlarynda zähmet gadamlary barha batlanýar. Biz—jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän ösüşleri we özgertmeleri, taryhy wakalaryň ähmiýetini ildeşlerimize baý many-mazmuny bilen düşündirmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Şu günler etrabymyzyň çäginde guraýan duşuşyklarymyzyň barşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny hem-de wezipelerini ildeşlerimize düşündirýäris, wagyz edýäris. Galyberse-de, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göterýändigi bilen bagly täsirli çäreleri, şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guraýarys.

Ogulgerek GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni.