Ýaş nesliň kämil terbiýesi ugrunda

5 Iýun 2024
264

Çagalaryň ertirki güni hut olar baradaky alada, körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky tagallalara baglydyr. Şu günler ýurdumyzda tomus pasly dowam edýär. Umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmekleri, orta mekdepde alan bilimleriniň üstüni ýetirmekleri, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ajaýyp mümkinçilik berýän bu döwürde ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şypaly Gökderäniň sapaly künjeklerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlaryň ajaýyp tebigy ýerlerinde gurlup ulanmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri tapgyrlaýyn esasda müňlerçe ýaş türkmenistanlylara tomusky möwsümiň gyzykly başdan geçirmelerini sowgat edýär.

Watanymyzyň aýdyň geljeginiň eýeleriniň uly topary 2-nji iýunda 1-nji tapgyr boýunça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradyldy. Bilşimiz ýaly, merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar hereket edip, şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary esasynda, ýörite maksatnama laýyklykda, dynç alyş merkezlerinde her ýyl tomus möwsüminde dürli ýaşly çagalara niýetlenen köp sanly bäsleşikler, sungat ýoluna ýaňy gadam basan artistleriň we çagalar çeper höwesjeňler toparlarynyň, döwlet hem-de halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlary, spartakiadalar, sahna çykyşlary, çeper okaýyşlar guralýar. Çagalar şunda ýangyn howpsuzlygy, ýol hereketiniň düzgünleri we beýleki jemgyýetçilik kadalary bilen baglanyşykly dürli bäsleşiklere, wagyz-ündew duşuşyklaryna hem uly gyzyklanma bildirýärler.

Bagdagül ÝUSUPOWA,
Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Magtymguly etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça toparynyň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.