Tebigaty goralyň!

4 Iýun 2024
152

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Howanyň yssy günleriniň gelmegi bilen baglylykda, ýaşyl dona beslenen gözel tebigatymyzy ýangyndan goramak möhüm şertleriň biri bolup durýar.

Howanyň gyzmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpy döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangynyň döremeginiň öňüni almak wajyp wezipedir.

Nurýagdy MUHANOW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Ýangyn howpsuzlyk bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.