Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty

4 Iýun 2024
382

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adama tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik döredýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda dabaralar geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Näzbibi KUBAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň baş hünärmeni.