Daşky gurşawyň goragynda

3 Iýun 2024
117

Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem şanly ýyla gabat geldi. Mähriban Diýarymyzyň tebigatyny we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ony bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Watanymyzyň ähli künjeginde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi.

Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şol maksat esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde, paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Aýtäç ALTYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.