Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni öz taryhyny 1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen maslahatdan alyp gaýtmak bilen, döwletleriň we halkara bileleşiginiň ekologiýa syýasatynda örän möhüm orun aldy. Şol döwürden başlap, bu sene hökümetleriň, döwlet we hususy pudaklaryň, raýat jemgyýetiniň düýpli ekologiýa meselelerini çözmek üçin köpugurly tagallalaryny birleşdirip, tebigaty goramak babatda çäreleri geçirmekde iň meşhur gün hökmünde belli edildi.