Gül diýaryň röwşen geljegi

31 Maý 2024
203

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çagalary milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda geçirilýän çagalar festiwallaryna, intellektual bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalarynyň gatnaşmagy ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary barha giňelýär. 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Maýagözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň döwlet bellige alyjysy.