Ajy tüsse — eder hassa

31 Maý 2024
266

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlaryň jan saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Her bir adamyň zähmet we dynç alyş şertlerini ýokary hilli guramak, kadaly iýmitlenmegini, sport bilen meşgullanmagyny, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr.

Türkmenistanda ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi, sport bilen meşgullanyp we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, beden saglygyny berkitmegi, raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň berk kanunçylyk-hukuk binýady döredilendir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi-de munuň aýdyň mysallarydyr. Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreşilmegini berkitmäge, ilat arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada adamlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Dursun GÜLSARYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň lukmany.