Abadan geljek ugrunda

30 Maý 2024
247

Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde okuw türgenleşigini geçirdik. Ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen bu ähmiýetli çärä bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Okuw türgenleşiginiň dowamynda ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmak boýunça täsirli çykyşlar diňlenildi. Milli jemgyýetiň wekilleri we meýletinçiler tebigy hadysalarda ejir çekenlere lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini düşündirdiler.

Babaguly ALYÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.