Maksat — zähmeti goramak

30 Maý 2024
204

Kärhanamyzda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmäge, howpsuz iş şertlerini döretmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa kärhanamyzyň ugurdaş bölümleriniň hünärmenleri, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge, ýangyn söndüriji enjamlary gurat saklamaga, elektrik enjamlaryny talabalaýyk işletmäge bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplarynyň, zähmeti goramaklyga gönükdirilen hukuk namalarynyň berjaý edilişi dogrusynda hem aýratyn nygtalyp, bu ugurda kärhanamyzda amala aşyrylýan işlere syn berildi. Degişli hünärmenleriň çykyşlarynda iş ýerlerinde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen hereket edýän düzgünleri berjaý etmekligiň zerurdygyna üns çekildi.

Babamyrat SOPYÝEW,
Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.