Halk bähbitli beýik işler

22 Maý 2024
293

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň islendik künjegine göz aýlanyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň guwandyryjy netijelerini görmek bolýar. Halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýar ýaşaýşyny nazarlaýan köpugurly maksatnamalaryň netijesinde bu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyzda medeni-durmuş, önümçilik maksatly binadyr desgalaryň ençemesi yzygiderli gurulýar.

Mälim bolşy ýaly, beýleki rowaç ýyllar deýin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aýdylanlara mysal hökmünde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň, Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrlaryny, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasyny görkezmek bolar. Häzirki zamanyň ösen innowasion tehnologiýalary, döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bagtyýar raýatlarymyz hakynda edilýän aladanyň, durmuşa geçirilýän işleriň hem özboluşly beýanydyr. Düýn paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde şeýle döwrebap kärhanalaryň ýene biri — «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desga dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 150  müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenendir. Şeýle hem, açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna awtoulaglary sowgat berdi.

Ýörite habarçymyz.