Ajaýyp binagärligiň serweri

22 Maý 2024
239

Berkarar döwletimiziň, ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Paýtagtymyzda gurulýan desgalar özboluşly binagärlik toplumyny emele getirip, olaryň biri-biri bilen sazlaşmagy Aşgabadyň nurana keşbiniň ajaýyp aýratynlygydyr.

Ak şäherimiz Aşgabadyň milli öwüşginli ajaýyp keşbine özboluşly gözellik bolup goşulýan bezeg binalary döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelip, olarda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri aýdyň beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, häzirki türkmen döwletiniň belent ruhuny we kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Aşgabadyň dünýä nusgalyk şäherdigini äleme aýan edýär.

Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.