Sagdyn durmuş — baş ýörelgämiz

21 Maý 2024
242

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilýän çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek maksady bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziñ her bir tutumly işiniň türkmen halkynyñ geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalara ýugrulandygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaşlaryň ýaramaz nogsanlyklara baş goşmazlyklaryny gazanmakda, olary ahlak taýdan arassa, ählitaraplaỳyn kämil nesiller edip terbiýeläp ỳetişdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlary bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdylar. Türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Orazgül AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.