Umumadamzat medeniýetiniň gymmatly hazynasy

20 Maý 2024
308

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat 17-18-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen foruma abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Umumy mejlis başlamazdan ozal, köp sanly foruma gatnaşyjylar binanyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar.

«Nesil».