Halkara ylmy maslahat geçirildi

20 Maý 2024
587

Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň II bölümi geçirildi. «Magtymguly we onuň döwri» ady bilen geçen maslahata daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň alymlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, talyplary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diňe bir türkmen edebiýaty üçin däl-de, eýsem, dünýä edebiýat söýüjileri üçin hem ähmiýetlidigini bellediler. Şeýle hem ylmy maslahata gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.