Edep-ekram durmuşymyzyň bezegi

20 Maý 2024
267

Golaýda TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň etrabyň Zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mekdepde «Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap merkezinde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary, ýokary synpda okaýan okuwçy gyzlary, mährem eneler gatnaşdy.

 Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlerimiz barada edýän bimöçber aladasy, olaryň sosial we durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan işler dogrusunda buýsançly sözler aýtdylar.

Patma MUHAMMEDOWA,
TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.