Ylmy-usuly maslahat geçirildi

20 Maý 2024
264

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi, Bilim ministrligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga ýygnanan bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýdular, ussat mugallymy, watançy esgeri hatyraladylar, soňra mekdepdäki ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördüler.

Hatyja HOŞDURDYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.