«eKassa» ykjam programmasy – AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi

20 Maý 2024
145

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) AGPJ-niň hyzmatlary üçin töleg geçirmek «eKassa» ykjam programmasy bilen has aňsat we amatly boldy. Indi AŞTU-nyň müşderileri telefon, internet we IPTV hyzmatlarynyň töleglerini artykmaç güýç sarp etmezden töläp bilerler.

«eKassa» ykjam programmasy astu.tm saýtynda elýeterli bolan köp hyzmatly «Şahsy otag» platformasynyň ýönekeýleşdirilen görnüşidir. Esasy tapawut, arzada hasaba alynmak üçin ýörite şahsy şahsyýet koduny talap etmeýär. Jübi telefon belgiňizi görkezmeli.