Köňül kelamy

19 Maý 2024
393

Häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat-sarpa goýulýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň milli medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä ýaýylýar. Munuň şeýledigine 17-nji maýda bütin adamzat nesline nusgalyk eserleri miras goýan akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde gurlan bu medeni-seýilgäh toplumy türkmen halkynyň beýik şahyryna bolan synmaz söýgüsiniň subutnamasydyr. Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylmagy ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Bu şanly wakalara öz ildeşlerimiz bilen bilelikde, daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. Uzaklardan seleňläp görünýän türkmen şahyrynyň heýkeli her bir watandaşymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda bina bolan şahyryň heýkeli dürdäne eserleri miras goýan akyldaryň dünýädäki belent mertebesini alamatlandyrýar.

Ýagtygül RAHMANOWA,
Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.