Akyldar şahyryň edebi mirasyna sarpa

16 Maý 2024
441

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalara beslenýän günlerinde giň gerimde dowam edýän duşuşyklaryň biri welaýat kitaphanasynda geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» ady bilen geçirilen duşuşyga kitaphana işgärleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Enejan Amanýazowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Serdargeldi Gökiýew dagy çykyş edip, akyldar şahyryň döredijilik mirasy hakynda täsirli gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde halkara derejede alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakynda aýratyn durlup geçildi.