Hünärime hormatym bar, sarpam bar

16 Maý 2024
421

Türkmen oba hojalyk institutynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýaşlarda hünäre bolan söýgini kemala getirmek, ylym-bilim, döredijilik zehinini açyp görkezmek maksady bilen, bu okuw jaýynyň  talyp ýaşlarynyň arasynda «Hünärime hormatym bar, sarpam bar» atly bäsleşik geçirildi. Oňa talyp ýaşlar gatnaşyp, özleriniň okaýan hünärini çeper sözleriň, goşgularyň üsti bilen wasp etdiler hem-de öz bilim alýan hünäriniň aýratynlygy boýunça sergi guradylar, çykyşlara görä degişli şekilli rolikleri taýýarladylar, okaýan dersleri, ele alýan hünärleri boýunça edebi sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlar bilen utgaşykly geçirilen wideorolikler has-da täsirli boldy.

Bäsleşikde institutyň ösümlikçilik kafedrasynyň talyplary birinji, oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy hem-de maldarçylyk, mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedralarynyň talyplary ikinji, kompýuter tehnologiýasy, oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy, traktor we oba hojalyk maşynlary kafedralarynyň talyplary üçünji orna mynasyp boldular.

Bahar ÝUSUPOWA,
Ösümlikçilik kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.