Gadymy medeniýetiň kämil beýany

16 Maý 2024
320

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda kitaba gymmatly baýlyk hökmünde sarpa goýup gelipdir. Çünki kitap adamzadyň ähli ösüşleriniň açary bolan bilimiň we ylmyň bir ýere jemlenmesidir. Halk arasynda häli-häzire çenli ýaşap gelýän «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý» ýaly, atalar sözleridir nakyllar hem halkyň kitaba bolan çäksiz söýgüsinden döräpdir.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitap okamaga, öwrenmäge, ylym-bilimi artdyrmaga aýratyn üns berýärler, özleriniň ylham-zehininden dörän kämil, gymmatly kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesi bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, şöhratly taryhymyza hormat-sarpasyny täze derejä göterdi.

Bagtyýar ALLOWOW.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty.