Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň çäklerinde döredilen saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezleri we araçäkleri barada MAGLUMAT

15 Maý 2024
202

1-nji «GARAŞSYZLYK» SAÝLAW OKRUGY BOÝUNÇA

1-nji saýlaw uçastogy
Merkezi:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
Araçägi: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň Görogly köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Görogly köçesiniň ugry bilen Nazar Gullaýew köçesine çenli, şol ýerden Nazar Gullaýew köçesiniň ugry bilen Çary Nurymow köçesine çenli, Çary Nurymow köçesiniň ugry bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna çenli, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Görogly köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.