Demokratik ýörelgeleriň kanunçylyk binýady

15 Maý 2024
262

Pederleriň parahatçylyk, ynsanperwerlik, jebislik ýörelgelerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli ertirlerine ynam bilen barýan halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek, ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýan kämil hukuk ulgamyny döretmek barada berýän tabşyryklary esasynda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan ýerlerde degişli işler alnyp barylýar.

Şanly wakalara beslenýän ajaýyp Watanymyzda dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti guruldy. Ajaýyp wakalara beslenip, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk çäreleriniň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we ýadygärliginiň açylyş dabaralarynyň ýokary ruhubelentlikde geçirilmegi şanly ýylymyzda giňden bellenilýän nurana baýramyň ähmiýetini has-da artdyrar.

Gurbangylyç DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.