Milli mukaddeslikleriň şanyna

15 Maý 2024
372

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, TZB-niň welaýat we Daşoguz şäher bölümleriniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Kalbymda dessanym, dilde aýdymym, belentde parlaýar ýaşyl Baýdagym» diýen at bilen şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşler bilen belent sepgitlere barýan ýurdumyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigi, onuň hem türkmen bagtynyň çüwmegi bilen düşündirilýändigi barada täsirli gürrüň etdiler. Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegi, Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi türkmen jemgyýetiniň berkarar döwlet bolmak baradaky maksatlarynyň hasyl bolandygynyň güwäsi bolup, bu goşa mukaddesligiň saýasynda taryhy ösüşleriň başdan geçirilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen nygtaldy. Döwrüň taryhy ösüşlerine laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň döwletiň hem jemgyýetiň bähbitlerini ileri tutmak bilen, ýaşyl Baýdagymyzyň buýsanç bilen parlamagyna uly esas berendigi barada çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi.