Döwletimiziň parahatçylyk taglymaty

15 Maý 2024
306

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk bilen bagly döwletli ýörelgeleri tutuş dünýäde giň seslenmä, gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň parahatçylygy we abadançylygy ugur edinmegi türkmen halkynyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna, şeýle-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ähmiýetlidir we netijelidir. Aslyýetinde, halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynda hem adamlaryň parahat, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar bar.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady.

Jemalsoltan ATAÝEWA,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.