Gurluşyk senagaty ösüş ýolunda

15 Maý 2024
267

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda günsaýyn bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalara, taryhy pursatlara beslenýär. Şu ýylyň 8-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan önümçilik toplumynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin amatly şertler döredilendir.

Şeýle hem bu iri kärhana «KHD Humboldt Wedag/ZAB» kompaniýasynyň wekili tarapyndan degişli güwänamanyň gowşurylmagy desganyň bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Kakajan AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň işgäri, leýtenant.